Zebur 63

63‑nji mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

2 Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit,

duşman wehiminden janymy gora.

3 Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden

hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.

4-5 Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär;

bigünäni bukudan atmakçy bolup,

ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär;

duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.

6 Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär,

gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär,

«Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.

7 Olar jenaýat etmegi niýet edinýär,

olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük,

ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip,

biri-birine aýdýar.

8 Emma Hudaý olara peýkamyn atar,

olar duýdansyz ýaralanar.

9 Öz dilleri olaryň başyna ýeter,

olary görenleriň bary hopugyp gaçar.

10 Ähli ynsanlar gorka düşerler,

olar Hudaýyň işini beýan ederler;

Onuň edeni barada pikir ederler.

11 Dogry adam Rebde şatlansyn,

goý, ol Rebbi özüne pena edinsin;

ýüregi dogrularyň bary magtansyn.

©