Zebur 64

64‑nji mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.

2 Eý, Hudaý, Sen mynasypsyň Siondaky alkyşa,

Saňa berlen kasamlar berjaý ediler.

3 Sensiň doga-dilegleri eşidýän,

ähli ynsanlar Saňa gelerler.

4 Günäler götererden juda çökder bolanda,

Sen olary bagyşlaýarsyň.

5 Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň –

Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly!

Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň

ýagşylygyndan doýaly.

6 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý!

Gutulyşyň gudratly işlerini görkezmek bilen,

Sen biziň dogalarymyza jogap berýärsiň.

Ýeriň dört künjüniň,

ummanyň aňyrsynda ýaşaýanlaryň

umydy – Sensiň.

7 Sen Öz kuwwatyňy guşandyň

hem-de daglary berkarar etdiň.

8 Deňizleriň tupan-harasadyny,

onuň tolkunlarynyň güwwüldisini,

halklaryň tolgunmasyny

ýatyrýan Sensiň.

9 Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram

Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar;

Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde

Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.

10 Sen ýeriň aladasyny edýärsiň –

ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň;

bol suwly derýalar arkaly

halkyň gallasyny üpjün edýärsiň;

sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň.

11 Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň,

onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň,

ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň,

onuň hasylyny bereketleýärsiň.

12 Sen Öz jomartlygyňy ýyla jyga edip geýdirýärsiň,

geçen ýerleriňden bolçulyk joşýar.

13 Dolup-daşýar çöl örüleri,

baýyrlar hem şatlyk guşanýar.

14 Örüler sürülere beslenýär,

dereler hem galla bürenýär,

olar joşup aýdymlar aýdýar.

©