Zebur 62

62‑nji mezmur

1 Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.

2 Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym,

Seni agtarýaryn ir säher bilen,

meniň janym teşnedir Saňa.

Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin

Seni küýseýär meniň bedenim.

3 Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin,

mukaddes öýüňde Saňa seretdim.

4 Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr,

meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.

5 Ömürboýy Saňa alkyş okaryn,

ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.

6-7 Düşegimde Seni ýatlan wagtymda,

gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,

janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar,

şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar.

8 Çünki Sen meniň kömegim bolduň;

ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp,

nagma aýdaryn.

9 Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar,

Seniň goluň meni goldaýar.

10 Janymyň kastyna çykanlar bolsa,

ýeriň teýine inip giderler.

11 Olar gylyjyň zarbyna berler,

hem-de şagallara şam bolar.

12 Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar;

Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar,

çünki ýalançylaryň agzy baglanar.

©