Zebur 52

52‑nji mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.

2 Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler.

Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler;

ýagşylyk edýän ýok.

3 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip,

Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.

4 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar,

bary deň derejede haram boldular;

ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.

5 Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler?

Olar halkymy çörek ýaly iýýärler

hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.

6 Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler,

çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar.

Sen olary galdyrarsyň uýada,

çünki olary Hudaý ret etdi.

7 Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi!

Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende,

Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.

©