Zebur 51

51‑nji mezmur

1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.

3 Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen?

Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!

4 Seniň diliň düzýär weýrançylyklary,

ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.

5 Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň,

hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.

6 Eý, hileli dil,

sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!

7 Emma Hudaý seni baky heläklär,

seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar,

ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela

8 Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar,

oňa gülüp, şeýle diýerler:

9 «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi,

öz baýlygynyň köplügine baglady bili;

ol öz baýlygyndan pena gözledi».

10 Men bolsa Hudaýyň öýündäki

gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly;

Hudaýyň sadyk söýgüsine

ebedi we baky baglaýan bili.

11 Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin;

Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda

Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.

©