Zebur 53

53‑nji mezmur

1-2 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.

3 Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen,

meni akla Sen gudratyň bilen.

4 Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit,

Sen agzymyň sözlerine gulak goý.

5 Çünki gelmişekler garşyma galdy,

sütemkärler janymyň kastyna çykdy;

olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela

6 Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir!

Taňry söýgetleýär meniň janymy.

7 Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny

olaryň öz başlaryna inderer.

Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.

8 Saňa höwes bilen gurbanlyk keseýin,

ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.

9 Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi,

gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.

©