Zebur 147

147‑nji mezmur

1 Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt!

Eý, Sion, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!

2 Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär,

galadaky çagalaryňa ak pata berýär.

3 Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär,

saýlama bugdaýdan seni doýurýar.

4 Ol buýruklaryny ýere gönderýär,

Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.

5 Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär,

kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.

6 Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar,

Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?

7 Ol buýurýar, buzlar ereýär,

ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.

8 Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni,

Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.

9 Reb başga hiç millete şeýle etmeýär,

olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär.

Rebbe şan-şöhrat bolsun!

©