Zebur 148

148‑nji mezmur

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Göklerden Rebbi şöhratlandyryň,

belentliklerde Ony şöhratlandyryň!

2 Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň!

Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!

3 Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň!

Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!

4 Eý, gökleriň gökleri,

eý, gökleriň üstündäki suwlar,

Ony şöhratlandyryň!

5 Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn!

Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.

6 Reb olary baky, müdimi berkarar etdi,

hiç üýtgemejek bir parzy berdi.

7 Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň:

eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,

8 eý, ot we doly, gar we duman,

Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,

9 eý, daglar we baýyrlaryň ählisi,

miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,

10 eý, haýwanlar we ähli mal-gara

süýrenijiler we guşlar,

11 eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halklary,

şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,

12 eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler,

ýaşulular hem-de çagalar.

13 Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn,

çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir,

Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.

14 Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy,

şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary,

Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky,

Rebbe şan-şöhrat bolsun!

©