Işaýa 16

16-njy bap

Mowaplylar rehim dileýärler

1 Sähra ýoly bilen Seladan

Sion gyzynyň dagyna,

ýurduň hökümdarlaryna

guzulary ýollaň.

2 Arnon geçelgesinde

Mowabyň aýallary

höwürtgesinden kowlan

öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.

3 «Maslahat ber,

adalaty berjaý et.

Günortan çagy gije kimin

üstümize saýa sal.

Kowulanlary gizle,

gaçgaklary ele berme.

4 Mowapdan kowlanlar

mesgen tutsun araňyzda;

weýran edýänlerden

olara pena boluň».

Sütemkär ýok bolup,

weýrançylyk soňlanar,

talaňçylar ýitirim bolarlar.

5 Tagt merhemet bilen berkidiler,

sadyklyk bilen şalyk sürer

Dawudyň nesillerinden biri,

adalaty agtarýan hökümdar

dogrulygy ýöreder.

6 Mowabyň tekepbirligi,

onuň hetdenaşa gedemligi,

men-menligi, ulumsylygy,

gazaby barada eşitdik;

boş ýere öwünýär ol.

7 Şonuň üçin Mowap perýat etsin,

her kes Mowap üçin nala çeksin,

Kirharasediň kişmişli kökeleri üçin

ýas tutuň, gam çekiň.

8 Heşbonyň ekin meýdanlary,

Sibmanyň üzümçilikleri gurady;

başga milletleriň baştutanlary

saýlama üzümçilikleri basgyladylar;

üzümçilikler Ýazere ýetip,

çöle çenli ýaýyldy;

şahalary ýaýrap,

deňizden-de aşdy.

9 Şonuň üçin Ýazer agysy bilen

Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men;

gözýaşym bilen suwararyn sizi,

eý, Heşbon we Elgala!

Çünki tomus miweleriň,

hasyl ýygnalýan döwründäki

şagalaň şowhunyňyz kesildi.

10 Şatlyk hem begenç aýryldy

hasylly baglardan;

üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar,

ne-de heşelle kakylýar;

üzüm sykýançy üzüm sykmaýar,

kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.

11 Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin,

Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.

12 Mowaplylar seždegählerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez. 13 Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi. 14 Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».

©