Işaýa 15

15‑nji bap

Mowaba garşy pygamberlik

1 Mowap hakyndaky pygamberlik:

Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri

bir gijede harabalyga öwrülýär,

Mowap weýran boldy!

Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri

bir gijede harabalyga öwrülýär,

Mowap weýran boldy!

2 Dibon halky aglamak üçin ybadathana,

seždegählere çykýar;

Mowap halky Nebo,

Meýdeba üçin perýat edýär.

Her kesiň başy takyrlanýar,

her kesiň sakgaly syrylýar.

3 Köçelerinde jul geýinýärler,

üçeklerde, meýdançalarda

her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.

4 Heşbon bilen Elgala nalyş edýär,

sesleri Ýahasa çenli eşidilýär.

Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar,

gorkudan ýürekleri galdyraýar.

5 Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär,

gaçgaklary Sogara,

Eglat Şelişiýa gaçýarlar.

Olar aglaşyp,

Luhutyň ýokarsyna çykýarlar.

Weýrançylykdan perýat çekýärler

Horonaýym ýolunda.

6 Nimrim suwlary gurady;

otlar soldy, täze ot gögermedi,

gök öwüsýän zat galmady asla.

7 Munuň üçin gazanan baýlyklaryny,

bar toplan zatlaryny

söwüt jülgesine äkiderler.

8 Agy bilen doldy

tutuş Mowap ýurdy;

olaryň perýady Eglaýyma,

nalyşy Beýerelime ýetýär.

9 Dimonyň suwlary gandan doly,

emma Men mundanam beterini getirerin

Dimonyň başyna,

Mowapdan gaçanlaryň,

ýurduň aman galanlarynyň

üstüne şir getirerin.

©