Işaýa 17

17‑nji bap

Damaska garşy pygamberlik

1 Damask baradaky pygamberlik:

Ine, Damask indi şäher saýylmaz,

ol harabaçylyga öwrüler.

2 Aroger şäherleri terk ediler,

sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler,

olary ürküzen bolmaz.

3 Efraýymda gala galmaz,

Damaskda şa bolmaz,

Siriýanyň aman galanlary

Ysraýyl ogullarynyň şöhraty deý bolar.

Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

4 Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer,

semiz göwresi horlanar.

5 Orakçylaryň däne hasylyny ýygnaýşy deý,

däne başlaryny alşy deý elleriniň,

Rapalar jülgesine däne başlarynyň toplanyşy deý,

bolar Ysraýyl hem.

6 Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň,

depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý,

şahalarynyň uçlarynda dört-‑bäşisiniň galyşy deý,

diňe birazy aman galdyrylar.

Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.

7 Şol gün halk nazaryny Ýaradana diker,

gözleri Ysraýylyň Mukaddesini görer.

8 Özleriniň guran

gurbanlyk sypalaryna bakmazlar,

elleri bilen ýasan Aşera butlaryna,

tütetgi sypalaryna seretmezler.

9 Şol gün olaryň berk galalary

ysraýyllardan gaçan hiwileriň, amorlaryň

terk eden şäherleri kimin çöle döner.

10 Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň,

Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň.

Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de,

özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,

11 olary eken günüň ösdürseň-de,

oturdylanlary ertesi gülletseň-de,

hassalyk we emsiz dert gününde

hasylyň ýele sowrular.

12 Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi!

Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar!

Ah! Halklaryň güwwüldisi!

Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!

13 Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar,

emma Ol olara käýär,

daglardaky şemala uçýan çöp- -çalam deý,

uzaklara gaçarlar olar,

tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.

14 Agşamara, ine, howp!

Säherden öň ol ýok bolýar.

Bizi tozdurýanlaryň paýy,

bizi talaýanlaryň kysmaty şudur.

©