Zebur 41

IKINJI KITAP

(41 – 71‑nji mezmurlar)

41‑nji mezmur

1 Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.

2 Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin,

eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!

3 Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym,

haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün?

4 Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?»

gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.

5 Men ýörärdim jemagat bilen,

baýram edýän halky

äkiderdim Hudaý öýüne;

olar şatlanyp, nagma aýdardy.

Şu zatlary ýatlan wagtymda

küýsemeden para-para bolýar ýüregim.

6 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň?

Näme üçin sen içimde yňranýaň?

Umydyňy Hudaýa bagla,

men ýene Oňa – Halasgärime we

Hudaýyma öwgi aýdaryn.

7 Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar,

munuň üçin Iordan topragynda,

Hermon hem-de Mizar dagynda

Seni ýatlaýan.

8 Çuňluk çuňluga gygyrýar,

şaglawuklaryňyň owazy bilen.

Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin

muşakgatlar meniň başymdan geçdi.

9 Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär,

gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn –

ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,

10 Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin:

«Näme üçin meni unutdyň?

Duşman meni gysan wagtynda

näme üçin gam-gussaly gezmeli?»

11 Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär,

kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.

12 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň?

Näme üçin sen içimde yňranýaň?

Umydyňy Hudaýa bagla,

men ýene Oňa – Halasgärime we

Hudaýyma öwgi aýdaryn.

©