Zebur 25

25‑nji mezmur

Dawudyň mezmury

1 Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim,

bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.

2 Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe,

meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.

3 Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda,

gezdim men Seniň sadyklygyňda.

4 Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn,

ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.

5 Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin;

erbetleriň ýanynda oturmaryn men.

6 Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda,

aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,

7 Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn;

ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.

8 Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi –

Seniň şöhratyňyň mesgen tutan ýaşalgasyny.

9 Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy,

ganhorlaryňky bilen bile –

ýaşaýyşymy.

10 Olaryň elinde haýynlyk bardyr;

gollary para-peşgeşden doludyr.

11 Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda,

meni halas et, maňa merhemet eýle.

12 Tekiz ýerde dur meniň aýagym,

Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.

©