Zebur 24

24‑nji mezmur

Dawudyň mezmury

Alef

1 Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.

Bet

2 Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan;

men utanja galmaýyn;

duşmanlarym menden üstün çykmasyn.

Gimel

3 Saňa intizarlar galmasynlar utanja,

nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja.

Dalet

4 Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy

hem-de öwret maňa ýodalaryňy.

He

5 Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret,

çünki meni halas edýän Hudaý Sen;

men uzakly gün Saňa intizardyryn.

Zaýin

6 Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi,

çünki olar bardyr gadymdan bäri.

Ḥet

7 Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi

hem-de bitabynlyk ýodalarymy.

Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä,

Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.

Ṭet

8 Reb ýagşy hem-de dogrudyr

Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär.

Ýod

9 Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri

Öz ýoluny pespällere öwredýär.

Kaf

10 Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara

söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.

Lamed

11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna

bagyşla Sen meniň etmişlerimi,

çünki uludyr olar.

Mem

12 Rebden gorkýan ynsan bar bolsa,

Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny.

Nun

13 Ol ýaşajakdyr bolelinlikde,

ýeri miras alar onuň zürýady.

Sameh

14 Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär,

Ol olara Öz ähtini bildirýär.

Ğaýin

15 Gözlerim mydama Rebbe garap dur,

çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar.

Pe

16 Maňa öwrül-de, merhemet eýle,

çünki men ýalňyz, ezýetlidirin.

Tsadi

17 Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy;

jebir-jepalarymdan halas et meni.

Reş

18 Muşakgatym bilen yzama seret

hem-de meniň ähli günälerimi öt.

Reş

19 Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň,

olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni.

Şin

20 Janymy gora-da, halas et meni,

utanmaýyn, çünki pena edindim Seni.

Taw

21 Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn,

çünki men Saňa intizardyryn.

22 Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny

ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.

©