Zebur 19

19-njy mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

2 Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin,

Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.

3 Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin

hem-de Siondan seni goldasyn.

4 Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn,

ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela

5 Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin,

ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.

6 Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys,

Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris.

Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.

7 Men indi bilýärin: Öz seçip- -saýlanyny Reb halas eder.

Ol golunyň gudratly işleri bilen,

jogap berer Öz mukaddes gögünden.

8 Käbirleri söweş arabalaryna,

käbirleri-de bedewlerine buýsanýar,

biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.

9 Olar büdrär hem-de ýykylar,

biz bolsa turarys hem dik durarys.

10 Ýa Reb! Patyşany halas et,

çagyran wagtymyzda bize jogap ber.

©