Zebur 141

141‑nji mezmur

Dawudyň maskili, gowakdaka aýdan dogasy

1 Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin,

gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn.

2 Onuň öňüne arz-halymy dökýärin,

Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.

3 Ruhum tapdan düşen mahaly,

Sen bilýänsiň meniň ýolumy!

Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular.

4 Sagyma bak-da, gör:

hiç kim maňa hormat goýmaýar,

maňa indi gaçalga-da ýok,

hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.

5 Ýa Reb, Saňa perýat edýärin,

diýýärin: «Sen – meniň penam,

diriler diýarynda – meniň nesibäm».

6 Meniň perýadyma dykgat ber,

çünki gaty peselendirin.

Aňtaýanlardan meni halas et,

çünki olar menden güýçlüdir!

7 Zyndandan azat et meni,

adyňa şükür edeýin!

Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin,

dogrular meni gurşarlar.

©