Zebur 140

140-njy mezmur

Dawudyň mezmury

1 Ýa Reb, Seni çagyrýaryn, tiz dadyma ýetiş

dat-perýadymyň sesini eşit!

2 Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý,

ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý.

3 Ýa Reb, garawul goý meniň agzyma,

meniň dilimi gora.

4 Ýüregim ýamanlyga ýykgyn bolmasyn,

günä edýän adamlar bilen erbet işleri etmäýin,

olaryň näz-nygmatlaryndan asla datmaýyn.

5 Goý, dogry ynsan meni ursun, bu ýagşylykdyr,

goý, maňa ol käýesin, bu başyma ýakymly ýag kimindir,

meniň başym ony, goý, ret etmesin.

Dogrudan-da, erbetleriň işlerine garşy dileg edýärin.

6 Olaryň baştutanlary gaýadan aşak zyňlanda,

meniň sözlerimi eşider, çünki olar ýakymly.

7 Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly,

biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar.

8 Meniň gözlerim Saňa dikilgi, ýa Hökmürowan Reb!

Seni pena edinýärin, meni goragsyz goýma!

9 Meni gora olaryň duzaklaryndan

hem-de betkärleriň – gapanlaryndan.

10 Goý, erbetler öz torlaryna düşsün,

men bolsa sag-aman geçip gideýin.

©