Zebur 112

112‑nji mezmur

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň,

Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!

2 Şindiden ebedä çenli

Rebbiň ady alkyşly bolsun!

3 Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli,

Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!

4 Reb ähli milletlerden belentde,

Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.

5 Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy?

Ol göklerde oturan bolsa-da,

6 eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.

7 Ol garyplary ýerden galdyrýar,

mätäçleri kül içinden çykarýar,

8 olary şazadalaryň ýanynda,

Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.

9 Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär,

ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär.

Rebbe şan-şöhrat bolsun!

©