Zebur 111

111‑nji mezmur

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Alef

Rebden gorkýan,

Bet

buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly!

Gimel

2 Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar,

Dalet

dogrularyň nesli bereket tapar.

He

3 Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar,

Waw

dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.

Zaýin

4 Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar,

Ḥet

ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.

Ṭet

5 Jomart, karz berýän ynsan gowudyr,

Ýod

ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.

Kaf

6 Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz,

Lamed

müdimilik ol unudylmaz.

Mem

7 Ol şum habardan gorkmaz,

Nun

Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.

Sameh

8 Onuň ýüregi mäkäm,

Ğaýin

ol asla eýmenmez,

iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer.

Pe

9 Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi,

Tsadi

onuň dogrulygy dowam eder ebedi,

at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.

Reş

10 Erbet adam muny görüp, gazaba münýär,

Şin

dişini gyjaýar we ruhdan düşýär;

Taw

erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.

©