Ýermeýanyň agysy 4

4‑nji bap

Iýerusalim ýykyldy

Alef

1 Wah, altyn nähili garaldy-la!

Sap altyn nähili üýtgedi-le!

Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr

her köçäniň başynda.

Bet

2 Sionyň jandan eziz çagalary

sap altyndan-da gymmatlydy!

Wah, indi küýzegäriň eliniň işi

gury bir toýna deň bolup galdy!

Gimel

3 Hatda şagallar-da emjek berip,

öz balalaryny emdirýändir,

emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin

çagalaryna rehimsiz boldy.

Dalet

4 Süýt emýän çaganyň dili

teşnelikden damagyna ýapyşýar.

Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar,

emma hiç kim hiç zat bermeýär.

He

5 Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar

köçelerde açlyk çekýärler.

Gyrmyzy don geýip ulalanlar

iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.

Waw

6 Çünki eziz halkymyň jezasy

ynsan eli degmezden

bir demde ýykylan

Sodomyň jezasyndan uludyr.

Zaýin

7 Onuň ýolbaşçylary gardan arassa,

süýtden akdylar.

Bedenleri merjenden gyzyl,

daş sypatlary ýakut kimindi.

Ḥet

8 Indi ýüzleri kömürden gara,

köçelerde tanalmaýarlar.

Derileri süňklerine ýapyşyp,

gury agaja döndüler.

Ṭet

9 Açlykdan öleniňden

gylyçdan öleniň gowudyr.

Ýeriň hasylyndan mahrum bolup,

olaryň ömür tanaplary gyryldy.

Ýod

10 Ýuka ýürek aýallar çagalaryny

öz elleri bilen özleri bişirdi.

Eziz halkymyň heläkçilik gününde

çagalary olara iýmit boldy.

Kaf

11 Reb gahar-gazabyny pürkdi,

lowlaýan gaharyny saçdy.

Siona garşy tutaşdyran ody

onuň düýplerini-de ýandyrdy.

Lamed

12 Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi

Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr

duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.

Mem

13 Bularyň bary pygamberleriniň günäsi,

ruhanylarynyň etmişi üçin boldy.

Çünki olar şäheriň ortasynda

dogruçyllaryň ganyny dökdüler.

Nun

14 Kör kimin köçelerde entediler,

gan bilen haram boldular.

Muňa görä geýimlerine

el degrip bilen bolmady.

Sameh

15 Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar!

Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi.

Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular.

Milletler arasynda olara şeýle diýildi:

«Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!»

Pe

16 Rebbiň Özi olary dargatdy,

Reb indi olara nazar salmaz.

Ruhanylaryna hormat goýulmaz,

ýaşulularyna rehim edilmez.

Ğaýin

17 Kömege biderek garaşmakdan

gözlerimiz küteldi.

Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk,

halas etmeýän millete garaşan ekenik.

Tsadi

18 Yzymyzy yzarladylar,

köçelerimizde gezip bilmedik;

ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy,

çünki soňumyz ýetip gelipdi.

Ķof

19 Bizi kowalaýanlar

gökdäki bürgütlerden ýyldamdy.

Olar daglarda bizi yzarladylar,

çölde bizi peýläp ýatdylar.

Reş

20 Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany

olaryň çukuryna gaçdy.

Biz ol hakda: «Onuň saýasynda

milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.

Şin

21 Eý, Us ýurdunda ýaşaýan

Edom gyzy, şatlan, begen!

Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter,

serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.

Taw

22 Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy,

Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez,

emma seniň etmişiňiň jezasyn berip,

günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.

©