Ýermeýanyň agysy 3

3‑nji bap

Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir

Alef

1 Hudaýyň gazap taýagyndan

hasrat çeken adam men.

2 Ol meni idip,

yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.

3 Ol bütin gün gaýta-gaýta

garşyma elini galdyrdy.

Bet

4 Etimi, hamymy çüýretdi,

süňklerimi döwüp taşlady.

5 Üstüme çozup, daşymy gabady,

başyma hasrat hem dert saldy.

6 Bireýýäm ölenler kimin

meni garaňkylykda ýaşatdy.

Gimel

7 Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady,

boýnuma agyr zynjyrlar saldy.

8 Perýat edip, kömege çagyranymda,

Ol dilegime gulak salmady.

9 Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy,

ýodalarymy egreltdi.

Dalet

10 Hudaý meni peýleýän aýydyr,

bukuda ýatan arslandyr.

11 Ýolumdan azaşdyryp parçalady,

halys sandan çykardy.

12 Ol ýaýyny çekdi,

meni okuna nyşan edindi.

He

13 Sagdagyndaky oklary atyp,

bagrymy deşdi.

14 Men ähli halkyma gülki boldum,

günuzyn olaryň aýdymy boldum.

15 Ol meni hasratdan doýrup,

ýowşanyň ajy suwuny içirdi.

Waw

16 Çagyl bilen dişlerimi owratdy,

kül içinde depip, dyza çökdürdi.

17 Meniň janym rahatlygy unutdy,

şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.

18 Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm,

Rebbe bolan ähli umydym öçdi».

Zaýin

19 Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam,

ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!

20 Janym muny dyngysyz ýatlaýar,

şonuň üçin ýüregim paralanýar.

21 Emma şuny ýatda saklaýan,

şonda ýene-de umyt döreýär:

Ḥet

22 Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir,

çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.

23 Her säher bular täzelenýär,

Seniň wepadarlygyň beýikdir!

24 Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr.

Şoňa görä Oňa intizardyryn».

Ṭet

25 Reb Özüne bil baglaýanlara,

Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.

26 Rebbiň halas edişine

ümsüm garaşmak gowudyr.

27 Adama boýuntyrygy

ýaşlykdan götermek gowudyr.

Ýod

28 Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn,

çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.

29 Ýere ýüzin ýykylsyn,

belki, umyt bardyr.

30 Özüni urana ýaňagyny tutsun,

masgaralanmakdan doly bolsun.

Kaf

31 Çünki Taňry hiç wagt

ömürlik terk etmez.

32 Ol birine hasrat çekdirse-de,

bol merhemetine görä rehim-de eder.

33 Hasrat berip, gaýga batyrsa-da,

bulary Ol ýürekden etmez.

Lamed

34 Ýurduň ähli ýesirleri

aýak astynda depelenende,

35 Beýik Hudaýyň huzurynda

ynsan hukuklary kemsidilende,

36 dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty,

Taňry olary görýän dälmidir?

Mem

37 Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa,

kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?

38 Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem

Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?

39 Öz günäleri üçin jezasyn alsa,

diri galan adam näme üçin zeýrensin?

Nun

40 Geliň, ýollarymyzy synap göreliň,

täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.

41 Geliň, gökdäki Hudaýa

elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.

42 Biz günä edip baş galdyrdyk,

Sen bizi bagyşlamadyň.

Sameh

43 Kowaladyň bizi gazap bilen,

rehimsizlik bilen öldürdiň.

44 Özüňi buluda bürediň,

dilegler eşidilmesin diýip.

45 Bizi milletler arasynda

syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň.

Pe

46 Ähli duşmanlarymyz

bizi ýaňsyladylar.

47 Üstümize howp we hile,

harabaçylyk we weýrançylyk abandy.

48 Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa

gözýaşlarym sil bolup akýar.

Ğaýin

49-50 Reb gökden aşak nazar salýança,

gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.

51 Şäherimdäki gyzlaryň halyna

ýüregim gyýym-gyýymdyr.

Tsadi

52 Maňa nähak duşman bolanlar

meni guş kimin awlap tutdular.

53 Diriligime çukura taşlap,

üstümden daş okladylar.

54 Suwlar depämden aşdy,

«Men heläk boldum» diýdim.

Ķof

55 Çukuryň düýbünden

Seni çagyrdym, ýa Reb.

56 «Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý»

diýen sözlerimi eşitdiň.

57 Seni çagyranymda, ýanyma gelip:

«Gorkma!» diýdiň.

Reş

58 Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň,

ömrümi halas eden Sensiň.

59 Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň,

meniň hakymy alyp ber.

60 Menden nähili öç alyşlaryny gördüň,

garşyma guran dildüwşüklerini bildiň.

Şin

61 Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň,

garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.

62 Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma

edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.

63 Ertirden agşama çenli

men olaryň ýaňsy aýdymy boldum.

Taw

64 Olaryň elleri bilen edenlerini

eginleri bilen çekdir, ýa Reb!

65 Ýüreklerine howsala sal.

Goý, näletiň olaryň üstünden insin!

66 Gazap bilen kowalap,

gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!

©