Nagmalar 6

6-njy bap

Gyzyň boýdaşlary:

1 Ýaryň nirä gitdi,

eý, gözelleriň gözeli?

Haýsy ýana ýöneldi ol?

Ony yzlaly seniň bilen.

Gyz:

2 Ýarym öz bagyna,

atyr saçýan gülhanasyna,

baglarda sürüsini bakmaga,

çigildemler ýygmaga gitdi.

3 Ýarym meniňki, men onuňky;

sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.

Ýigit:

4 Eý, dildarym,

Tirsa şäheri deý gözelsiň sen,

hoşroýsyň Iýerusalim deý,

tugly goşun deý şöwketli.

5 Gözleriňi menden sow,

men olara bendi!

Gilgat dagyndan inip gelýän

geçi sürüsine ogşaýar saçyň.

6 Gyrkylyp,

suwdan çykyp gelýän

goýun sürüsine ogşaýar dişleriň.

Ählisi ekizlidir,

ýalky däldir olar.

7 Bürençekde gizlenen ýaňaklar

enara meňzeýär.

8 Şanyň altmyş aýaly bar hem segsen gyrnagy,

gyzlar-da san-sajaksyzdyr.

9 Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok,

enesiniň eziz gyzy ol,

naýbaşysy ol.

Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler;

şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler.

10 Şapak deý ýalpyldaýan,

Aý dek gözel, Gün deý parlaýan,

tugly goşun deý şöwketli kim bu?

11 Jülgäniň hasylyna seretmäge,

üzüm baglarynyň gunçalaryny,

narlaryň güllerini görmäge

hoz bagyna gitdim.

12 Bilmän galdym, isleg-hyjuwym meni nädip

şanly halkymyň söweş arabalaryna mündürdi.

©