Aýanlyk 15

15‑nji bap

Ýedi perişde we ýedi bela

1 Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar. 2 Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy. 3 Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar:

«Ýa Reb Hökmürowan Hudaý!

Seniň işleriň beýik, täsindir.

Eý, milletleriň Şasy!

Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.

4 Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy?

Adyňa şöhrat aýtmajak barmy?

Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň!

Ähli milletler huzuryňa gelerler,

olar Saňa sežde ederler.

Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».

5 Mundan soň gökdäki ybadathananyň, ýagny äht çadyrynyň açylanyny gördüm. 6 Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy. 7 Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi. 8 Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.

©