Zebur 98

98‑nji mezmur

1 Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn!

Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!

2 Reb Sionda beýikdir,

ähli halklardan beýgeldilendir.

3 Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy,

Sen – mukaddes hem-de gudratly!

4 Sen adalaty söýýän Patyşa:

ýüz görmezligi, adalaty,

dogrulygy berkarar etdiň;

bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.

5 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň,

Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň:

mukaddesdir Ol!

6 Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar,

Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar.

Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.

7 Ol olara bulut sütüninden gürledi,

olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.

8 Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň.

Sen etmişleri üçin jeza berseň-de,

olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.

9 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň,

Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň.

Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!

©