Zebur 8

8‑nji mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury.

2 Ýa Hökmürowan Rebbimiz!

Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!

Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.

3 Sen Öz ýagylaryň sebäpli,

duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin,

çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan

gala ýaratdyň.

4 Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine,

Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa

nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:

5 «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly?

Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?

6 Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň,

oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.

7 Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň;

ähli zady aýagynyň astynda goýduň:

8 goýunlardyr öküzleriň baryny,

şeýle-de çöl haýwanlaryny,

9 gök guşlaryny, deňiz balyklaryny,

deňiz içre ýüzýän bar jandarlary».

10 Ýa Hökmürowan Rebbimiz!

Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!

©