Zebur 79

79-njy mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury.

2 Eý, Ysraýyl Çopany,

Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý!

Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!

3 Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşaň öňünde;

güýjüňi oýar, gel-de halas et.

4 Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt,

ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.

5 Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb!

Öz halkyň doga-dileglerine

Sen haçana dek boljak gaharly?

6 Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň,

gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.

7 Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler,

duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.

8 Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý!

Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.

9 Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň,

milletleri kowup, ony oturtdyň.

10 Sen onuň üçin taýýarladyň topragy,

ol kök urup, doldurdy ýurdy.

11 Daglar bürendi onuň saýasyna,

äpet kedr daragty – şahalaryna.

12 Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny,

derýa çenli – öz pudaklaryny.

13 Emma her ötegçiniň

onuň miwesini ýolup bileri ýaly,

Sen onuň haýatlaryny

näme üçin weýran eýlediň?

14 Tokaý ýekegapany ony dagadýar,

meýdan jandarlary ony gemirýär.

15 Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý!

Göklerden sal Sen nazary,

gör bu üzüm bagyny –

16 eliň oturdan bu nahalyny,

Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy.

17 Olar ony otda ýakdylar,

ony çapdylar.

Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan

ýitip gitsinler.

18 Emma kömek et sagyňdaky ynsana

Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala

19 Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan;

bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy.

20 Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb!

Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.

©