Zebur 74

74‑nji mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.

2 Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris,

Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris,

Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.

3 Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende,

ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.

4 Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda,

Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela

5 Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän,

erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.

6 Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň,

ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.

7 Çünki ýeňiş ne gündogardan,

ne günbatardan, ne-de çöldendir.

8 Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr,

birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.

9 Çünki käse Rebbiň elinde,

ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly.

Reb gazaby we şeraby käseden guýar:

ýer ýüzüniň ähli erbetleri,

ony löderesine çenli içerler.

10 Men bolsa elmydama beýan ederin,

Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.

11 Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar,

dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.

©