Zebur 69

69-njy mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýatlanma dilegi.

2 Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal;

ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.

3 Janyma kast edýänleriň hemmesi,

goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn;

başyma gelen külpetlere şat bolýanlar,

yzyna öwrülip, masgara bolsun.

4 Maňa «haý, haý!» diýýänler,

utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.

5 Seni agtarýanlaryň bary

Sende begenip, şadyýan bolsun;

«Hudaý beýikdir!» diýip,

halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.

6 Men bolsa garyp we mätäç,

ýöne, eý Hudaý, maňa gamhorlyk etgin;

Sensiň kömegim hem Halasgärim,

eglenme, ýa meniň Rebbim!

©