Zebur 60

60-njy mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.

2 Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy

hem-de diňle meniň dogamy.

3 Meniň kalbym gam laýyna batanda,

Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan;

çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.

4 Çünki Sen meniň penamsyň,

duşmana garşy mäkäm galamsyň.

5 Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn,

ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela

6 Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň,

Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy

Sen maňa berdiň.

7 Şa ömrüniň günlerine günler goş,

günlerini uzalt nesilden-nesle!

8 Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn,

söýgi bilen wepadarlyk ber,

goý, olar ony gorasyn!

9 Kasamlarymy günde berjaý ederin,

Seniň adyňa elmydama nagma aýdaryn.

©