Zebur 5

5‑nji mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury.

2 Ýa Reb, diňle meniň sözümi

hem-de eşit meniň ahy-zarymy.

3 Diňle perýadymyň sesini,

eý, Patyşam hem-de Hudaýym,

men Saňa edýändirin dilegi.

4 Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen,

häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men.

5 Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň,

Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,

6 tekepbirler Seniň gaşyňda durmaz;

Sen ýigrenýärsiň betkärleriň baryny,

7 ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri.

Ýa Reb, Sen ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby.

8 Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly,

girerin Seniň öýüňe;

men Senden heder ederin,

mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin.

9 Ýa Reb, duşmanlarym zerarly,

Öz adalatyňda meni ugrukdyr;

dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.

10 Olaryň agzynda dogry söz ýokdur,

olaryň ýüregi weýrançylykdyr,

olaryň bogazy açyk gabyrdyr,

dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.

11 Eý, Hudaý, olara çykar hökümi,

pällerinden tapyp, ýykylsyn olar;

ýazyklary üçin kowup çykar olary,

çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar.

12 Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn,

elmydama joşup, nagmalar aýtsyn;

çünki olary goraýarsyň Sen,

adyňa aşyklar Sende şat bolsun.

13 Sen ýalkaýarsyň dogry ynsany,

hoşamaýlygyň-da bolýar onuň galkany.

©