Zebur 46

46-njy mezmur

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.

2 Eý, ähli halklar, el çarpyşyň!

Hudaýa heşelle kakyň!

3 Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr,

çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.

4 Ol halklary biziň golastymyza berdi,

milletleri aýak astymyza çökerdi.

5 Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi,

biz – Onuň söýýän halky. Sela

6 Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen,

Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.

7 Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa,

nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!

8 Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr,

Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.

9 Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý,

Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.

10 Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin,

halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar;

çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr;

Ol belende galdyrylandyr.

©