Zebur 36

36-njy mezmur

Dawudyň mezmury

Alef

1 Erbet iş edýänlere janyňy ýakma,

naýynsaplara höwesli bakma.

2 Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar,

gök ösümlik kimin saralyp solar.

Bet

3 Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk,

ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.

4 Rebden teselli tap,

ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.

Gimel

5 Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla,

şonda Ol saňa hemaýat berer.

6 Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy,

günorta çagy deý – haklylygyňy.

Dalet

7 Ümsüm bol Rebbiň öňünde,

Oňa sabyrly garaş,

ýoly rowaç betniýete höwesli bakma.

He

8 Gahardan saklan, gazaby taşla,

aladaçyl bolma: ol şere elter.

9 Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler,

Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.

Waw

10 Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar,

ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.

11 Pälipes adamlar bolsa ýeri miras alarlar,

abadançylykda ýaşap, hezil ederler.

Zaýin

12 Erbet dogry adama hyýanat edýär

hem-de oňa dişlerini gyjaýar.

13 Taňry bolsa onuň üstünden gülýär,

çünki onuň wagtynyň dolýandygyny görýär.

Ḥet

14 Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin,

dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin,

erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.

15 Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar,

olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar.

Ṭet

16 Dogry ynsanyň az zady

ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.

17 Çünki erbetleriň gollary döwler,

ýöne Reb dogrulary söýgetlär.

Ýod

18 Reb kämilleriň günlerini bilýändir,

olaryň mirasy ebedi galar.

19 Olar ýaman wagty utandyrylmaz,

dok bolarlar açlyk döwründe.

Kaf

20 Emma erbetler heläk bolarlar,

Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler,

gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar.

Lamed

21 Erbet adam karz alyp, yzyna bermez,

dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.

22 Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar,

Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolar.

Mem

23 Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär,

Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.

24 Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem,

çünki Reb onuň elinden tutýar.

Nun

25 Ýaş ýigitdim, indi garradym,

ýöne dogry ynsanyň terk edilenini

ýa zürýadynyň çörek dilenenini

heniz görmedim.

26 Elmydama eli açyk hem-de karz berýär;

olaryň neslinden ýalkanyş geler.

Sameh

27 Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk –

baky ýaşarsyň.

Ğaýin

28 Çünki Reb adalaty söýýändir,

Ol sadyk ynsany terk edýän däldir;

dogry ynsan baky goralar,

ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.

29 Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar

hem-de onda baky mesgen tutarlar.

Pe

30 Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär,

onuň dili adalaty beýan eýleýär.

31 Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny,

taýýan däldir onuň aýagy.

Tsadi

32 Erbet dogry ynsany aňtaýar,

ony öldürmäge pursat peýleýär.

33 Ýöne Reb ony erbediň eline bermez;

kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz.

Ķof

34 Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla,

Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder;

sen erbetleriň ýok edilenini görersiň.

Reş

35 Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek

gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.

36 Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi;

men ony gözledim, emma tapmadym.

Şinׁ

37 Kämil ynsany synla, dogry adama seret.

Parahat ynsanyň gelejegi bar.

38 Emma günäliler bütinleý weýran ediler;

erbetleriň gelejegi ýok bolar.

Taw

39 Reb dogry ynsanlary halas edýändir,

muşakgatlykda olara pena bolýandyr.

40 Reb olara kömek berer we halas eder;

olary erbetlerden gutarar we halas eder,

çünki olar Ony pena tutunýar.

©