Zebur 31

31‑nji mezmur

Dawudyň maskili

1 Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam

nähili bagtly!

2 Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan,

ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!

3 Men dymyp,

uzakly gün zar-zar aglanymda,

gurap galdy meniň süňklerim.

4 Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy,

tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela

5 Saňa äşgär etdim men öz günämi

hem-de gizlemedim etmişlerimi.

Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy».

Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela

6 Munuň üçin sadyklaryň her biri

günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany.

Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe:

oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.

7 Sensiň meniň gizlenýän ýerim;

goraýarsyň meni howp-hatarlardan;

Sen meni halas eýlediň,

ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela

8 «Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin;

maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.

9 Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma:

agyzzyryk bilen uýan bolmasa

bilmeýärler olar gitjek ýoluny».

10 Köp bolýandyr erbetleriň gaýgysy,

emma Rebbe bil baglaýanlary

gurşap alýar Onuň sadyk söýgüsi.

11 Eý, dogry adamlar, Rebde begeniň hem-de şatlanyň!

Eý, ýüregi dogrular, hemmäňiz heşelle kakyň!

©