Zebur 28

28‑nji mezmur

Dawudyň mezmury

1 Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar,

Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.

2 Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň;

şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.

3 Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde,

Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär,

Reb ummasyz suwlardan üstündir.

4 Rebbiň sesi kuwwatlydyr,

Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.

5 Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär,

Reb Liwan kedrlerini owradýar.

6 Ol Liwan dagyny göle deý,

Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý

bökdürýär.

7 Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.

8 Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar,

Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.

9 Rebbiň sesi keýikleri guzladýar,

tokaýlary ýalaňaçlaýar;

Onuň ybadathanasynda hemmeler

«Hudaýa şöhrat!» diýýär.

10 Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar.

Reb Şa hökmünde baky oturýar.

11 Goý, Reb Öz halkyna güýç- -kuwwat bersin

hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!

©