Zebur 2

2‑nji mezmur

1 Milletler arasyndaky başbozarlyk näme?

Halklar nämä biderek pitne turuzýar?

2 Rebbe we Onuň saýlanyna garşy

dünýä şalary aýaga galýar;

hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.

3 Olar şeýle diýýär:

«Sypyryp taşlalyň gandallaryny

hem-de gyralyň zynjyrlaryny».

4 Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär

hem-de olary masgaralaýar.

5 Şonda olara gahar bilen ýüzlener,

gazabynda olary eýmendirer:

6 «Mukaddes dagym Sionda

Mendirin Öz patyşamy oturdan».

7 Patyşa: «Men Rebbiň permanyny

yglan edeýin» diýýär.

«Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa –

bu gün Ataň boldum Men.

8 Menden dile, saňa bereýin

milletleri miras hökmünde,

tutuş älem-jahany mülk hökmünde.

9 Sen olary demir hasaň bilen döwersiň,

küýzegäriň golçasy deý çym- -pytrak edersiň».

10 Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň;

dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:

11 Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen:

hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.

12 Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner,

siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda,

çünki tiz tutaşýar onuň gazaby.

Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.

©