Zebur 14

14‑nji mezmur

1 Dawudyň mezmury

Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär?

Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?

2 Kämil gezýän, dogry iş edýän,

hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,

3 dili bilen myjabat ýöňkemeýän,

ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän,

ýakyny barada gybat etmeýän;

4 onuň nazarynda ret edilen ýigrenji,

emma sylaýandyr Rebden gorkýany;

eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;

5 öz puluny göterimine bermeýän,

ýazyksyza garşy para almaýan.

Şeýle ynsan asla yranmaz.

©