Zebur 132

132‑nji mezmur

Dawudyň zyýarat nagmasy

1 Doganlaryň bile ýaşamaklary

gör, nähili gowy hem-de ýakymly!

2 Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr,

sakgala, Harunyň sakgalyna,

onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan

mukaddes ýag ýalydyr!

3 Ol Sion daglaryna düşýän

Hermonyň boldan-bol çygy kimindir.

Çünki Reb ol ýerde ýalkanyş, baky ýaşaýyş

bolsun diýip, tabşyryk berdi.

©