Zebur 128

128‑nji mezmur

Zyýarat nagmasy

1 «Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler –

– diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –

2 Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler.

Ýöne menden üstün çykmadylar.

3 Sürümçiler meniň arkamy sürdüler,

olar uzyn keşlerini çekdiler».

4 Emma wepaly Reb

erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.

5 Siony ýigrenýänleriň ählisi

goý, utanyp, yzyna dönsün.

6 Goý, olar üçekde gögerip,

güllemänkä solýan ot kimin bolsun.

7 Ondan orakçy gysymyny doldurmaz,

desse bogýan gujagyny doldurmaz.

8 «Çäjiňe bereket!

Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.

©