Zebur 126

126-njy mezmur

Süleýmanyň zyýarat nagmasy

1 Eger öýi Reb bina etmese,

ony bina edýänleriň azaby puçdur.

Eger şäheri Reb goramasa,

garawulyň oýa durmagy puçdur.

2 Eklenmek üçin der dökmegiňiz,

ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur.

Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da

rysgal berýändir.

3 Çagalar Rebden bolan mirasdyr,

ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr!

4 Ýaşlyk çagynyň ogullary

edermeniň elindäki peýkamlar ýaly:

5 sagdagyny olardan dolduran bagtly!

Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty

utandyrylmaz.

©