Zebur 121

121‑nji mezmur

Dawudyň zyýarat nagmasy

1 Maňa «Rebbiň öýüne gideli»

diýenlerinde begendim.

2 Eý, Iýerusalim!

derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!

3 Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.

4 Ysraýyla berlen kanuna görä,

tireler, Reb tireleri

ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.

5 Ol ýerde kazylyk tagty –

Dawut öýüniň tagty bina edilen.

6-7 «Seni söýýänler aman ýaşasyn!

Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun,

gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!»

diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin

doga-dilegler ediň.

8 Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna,

«Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.

9 Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna

seniň amanlygyň üçin doga edýärin.

©