Zebur 119

119-njy mezmur

Zyýarat nagmasy

1 Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi,

Ol hem maňa berdi jogaby.

2 Ýa Reb, ýalançy agyzdan,

hileli dilden halas et meni.

3 Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler!

Onuň üstesine näme goşular?

4 Edermeniň ýiti oklary,

ojaryň ýandyryjy közleri!

5 Dat-bidat meniň halyma!

Çünki Meşekde sergezdan boldum,

Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;

6 dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde,

uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.

7 Parahatlygyň tarapdary men,

emma agzymy açan badyma,

olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.

©