Zebur 115

115‑nji mezmur

1 «Ejirlerim juda köp» diýip gürledim,

ýöne şonda-da men iman etdim.

2 Howsala düşen wagtymda:

«Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.

3 Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň

öwezini nädip dolaýyn?

4 Gutulyş pyýalasyny galdyryp,

Rebbim diýip Ony çagyraryn.

5 Bütin halkynyň öňünde

Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.

6 Rebbiň sadyklarynyň ölümi

Onuň üçin nähili agyr!

7 Ýa Reb! Men Seniň bendäň,

men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly;

Sen zynjyrlarymy gyryp taşladyň.

8 Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin,

Rebbiň adyny men çagyraryn.

9-10 Bütin halkynyň öňünde,

Reb öýüniň howlularynda,

eý, Iýerusalim, seniň içiňde,

Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.

Rebbe şan-şöhrat bolsun!

©