Süleýmanyň pähimleri 9

9-njy bap

1 Danalyk özüne jaý gurdy,

onuň ýedi sütünini ýondy.

2 Gurbanlyk soýdy,

şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy.

3 Kenizlerini ýollap,

şäheriň belent ýerinden jar çekdiler:

4 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!»

Kemakyla bolsa şeýle diýýär:

5 «Gel, meniň nanymdan iý,

taýýarlan şerabymdan iç.

6 Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň.

Paýhas ýolundan ýöre».

7 Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer,

erbetlik edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer.

8 Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener.

Akyldara käýe, ol seni söýer.

9 Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar,

dogruçyla öwretseň, bilimi artar.

10 Danalygyň başlangyjy Rebden gorkmakdyr.

Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.

11 Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar,

ömrüň ýyllary artar.

12 Akylly bolsaň, özüňe peýda.

Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.

13 Akmak aýal şermendedir,

nadandyr, hiç zat bilýän däldir.

14-15 Öýüniň gapysynyň alnynda,

şäheriň belent ýerinde oturyp,

ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär:

16 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!»

Kemakyla bolsa:

17 «Ogurlyk suw süýjüdir,

gizlin iýilýän nan tagamly» diýýändir.

18 Emma ol ýerde ölümiň bardygyny,

onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler.

©