Ýunus 3

3‑nji bap

Ýunus Rebbe boýun bolýar

1-2 Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä – şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!»

3 Şunlukda, Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy. 4 Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi. 5 Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä hemmelere agyz beklemegi yglan etdiler.

6 Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy. 7 Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler. 8 Ynsanu-haýwan jul geýinsin, bar güýji bilen Hudaýa perýat etsin, öz ýaman ýolundan dönüp, bet işlerinden el çeksin. 9 Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».

10 Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.

©