Ýowel 1

1‑nji bap

1 Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi aýan boldy:

Leşger hüjüm edýär

2 Eý, ýaşulular, diňläň siz muny,

siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty:

siziň günleriňizde ýa atalar döwründe,

heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?

3 Siz muny ýetiriň çagalaryňyza,

olar hem aýtsyn öz çagalaryna,

olaryň çagalary-da indiki nesle.

4 Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly

ganat baglamadyk çekirtge iýdi.

Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi,

ganat baglan çekirtgeden artan hasyly

gemriji çekirtge sürüsi iýdi.

5 Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz,

täze şerap üçin nalaň, ony içýänler,

çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.

6 Sebäbi meniň topragyma ummasyz,

güýçli bir leşger çozdy;

arslanyňky ýaly onuň dişleri,

ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.

7 Ol weýran etdi üzüm şahalarymy,

çapym-çapym etdi injir agaçlarymy,

şahalarynyň gabygyny sypyryp,

ýere taşlady;

üzüm şahalary-da agaryp galdy.

8 Söýgüli adaglysyny ýitirip,

jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!

9 Rebbiň öýünden kesildi indi

galla hem-de içgi sadakalary.

Rebbe hyzmat edýän ruhanylar

tutýarlar ýasy.

10 Meýdanlar boşady, toprak aglaýar,

çünki weýran boldy onuň gallasy.

Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.

11 Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň,

üzüm bagbanlary, ses edip aglaň,

çünki weýran boldy meýdan gallasy,

12 gurap galdy üzüm agajy,

solup galdy injir agajy.

Nar, alma, hurma –

meýdandaky baglaryň gurady bary.

Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.

13 Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň!

Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler,

dat-perýat ediň!

Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri,

gijäňizi jul içinde geçiriň!

Çünki galla, içgi sadakalary

kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.

14 Agyz beklemäge belläň siz wagty,

jar ediň mukaddes ýygnanyşygy.

Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny

ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne

hem-de Rebbe dat-perýat ediň.

15 Dat ol güne!

Çünki Rebbiň güni ýakyndyr.

Gudratygüýçlüden

Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.

16 Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz,

Hudaýymyzyň öýünden-de

şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?

17 Tohumlar çüýredi kesek astynda,

ammarlar hem gugaryp galdy,

galla ammarlary çagşap dagady,

çünki galla ekinleri hasyl bermedi.

18 Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar!

sygyr sürüleri yranyp barýar,

çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar;

goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.

19 Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän,

çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy,

meýdan agaçlarynyň baryny

ýalyn köýdürdi.

20 Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary,

çünki gurap galdy suw akarlary,

ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.

©