Eýýup 17

17‑nji bap

Eýýup sözüni dowam edýär

1 «Ruhum syndy, günlerim tamam,

maňa gabyr garaşýar.

2 Daş-töweregim ýaňsylaýjylardan doly,

gözüm olaryň duşmançylygyny görýär.

3 Özüň maňa kepillik bergin,

Senden başga maňa kim kepil boljak?

4 Olaryň aňyny düşünjeden gizlediň,

şonuň üçin olary beýgeltmersiň.

5 Para üçin dostlaryny satýanlaryň

çagalarynyň gözleri kör bolar.

6 Hudaý meni ile gep etdi,

olar ýüzüme tüýkürýärler.

7 Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi,

on iki synam çöpe döndi.

8 Dogruçyl adam derdime aňk bolýar,

bigünä-de hudaýsyza garşy gazap atyna atlanýar.

9 Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar,

eli tämizleriň güýji artar.

10 Emma hemmäňiz gaýdyp gelseňiz-de,

araňyzdan akylly adam tapmaryn.

11 Günlerim tamam,

niýetlerim, ýürek arzuwlarym-‑da puja çykdy.

12 Olar gijäni gündiz edýärler,

„Ýagtylyk garaňkylyga ýakyn“ diýýärler.

13 Ölüler dünýäsini öýüm dek küýsesem,

düşegimi garaňkylykda ýazsam,

14 gabra: „Sen atamsyň“,

gurda: „Sen enemsiň, uýamsyň“ diýen bolsam,

15 onda umydym hany?

Umydymy görjek kim?

16 Umyt meniň bilen ölüler dünýäsine iner öýdýäňmi?

Meniň bilen bile göre girermi?»

©