Işaýa 6

6-njy bap

Reb Işaýany çagyrýar

1 Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. 2 Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar. 3 Olar biri-birine şeýle diýdi:

«Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir.

Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».

4 Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy. 5 Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».

6 Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy. 7 Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň». 8 Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.

9 Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka:

„Eşidip dursaňyz-da,

hiç düşünmeýärsiňiz,

seredip dursaňyz-da,

hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.

10 Bu halkyň ýüregini kütelt,

gulaklaryny ker et,

gözlerini gap,

gözleri bilen görmesin,

gulaklary bilen eşitmesin,

aňlary bilen aňlamasyn,

Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».

11 Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym.

Ol şeýle jogap berdi:

«Şäherler weýran bolup,

ilatsyz galýançalar,

öýler adamsyz galyp,

ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,

12 Reb hemmeleri uzaklara kowup,

ýurduň içinde terk edilen ýerler köpelýänçä,

13 halkyň ondan biri galsa-da,

ýurt ýene-de ýakylar.

Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin,

mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».

©