Işaýa 56

56-njy bap

Rebbiň ähli milletler bilen eden ähti

1 Reb şeýle diýýär:

«Adalaty saklaň, dogry işleri ediň,

ine, Men tizara azat etmäge gelerin,

halas edişimi aýan ederin.

2 Muny edýän ynsan,

ony berk saklaýan nähili bagtly!

Ol Sabat gününi amal edip, ony harlamaýar,

elini her hili ýaman işden saklaýar».

3 Goý, Rebbe bil baglaýan keseki:

«Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin,

Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin.

4 Reb şeýle diýýär:

«Sabat günlerimi amal edýän,

Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan,

ähtimi berk saklaýan agtalara

5 öýümde, diwarlarymyň içinde

ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada

hatyra hem at bererin;

olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.

6 Rebbe hyzmat etmek üçin,

Rebbiň adyny söýmek üçin,

Onuň bendesi bolmak üçin

Rebbe bil baglaýan kesekileri,

Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri,

ähtimi berk saklaýanlary,

7 mukaddes dagyma getirerin,

ybadat öýümde şatlandyraryn olary;

ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary

gurbanlyk sypamda kabul ediler;

çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin

ybadat öýi diýip atlandyrylar».

8 Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär:

«Men öýüme eýýäm toplananlardan

beýlekilerini-de toplaryn».

Ysraýylyň azgyn baştutanlary

9 Eý, ähli wagşy haýwanlar,

eý, bütin jeňňel haýwanlary,

geliň, iýmäge geliň!

10 Ysraýylyň sakçylary kör,

hiç zady bilmeýärler;

ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir;

olar ýatyp, düýş görýärler,

uklamagy gowy görýärler.

11 Doýanyny bilmeýän

açgöz itlerdir olar.

Olar düşünjesiz çopanlardyr;

hersi öz ýoly bilen gidýär,

her kes öz bähbidini araýar.

12 Olar: «Geliň, şerap getireliň!

Çakyrdan julk doýalyň.

Ertirimizem şu gün ýaly bolar,

hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.

©