Işaýa 30

30-njy bap

Pitneçi halk

1 «Pitneçi halkyň dat gününe!

Olar Meniňkini däl-de,

öz niýetlerini berjaý edýärler;

Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp,

günä üstüne günä goşýarlar.

Muny Reb aýdýandyr.

2 Faraonyň penasynda penalamak üçin,

Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin,

Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.

3 Faraonyň goragy olara utanç,

ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak.

4 Baştutanlary Zoganda bolup,

ilçileri Hanase ýetenem bolsalar,

5 özlerine peýdasy bolmadyk

halk zerarly utanja galar olar.

Ne ýardam berýär bu halk,

ne-de peýda berýär,

gaýtam olary utanja we gyjalata goýýar».

6 Negep haýwanlary barada pygamberlik:

urkaçy hem erkek arslanyň,

alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan,

alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip,

baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna,

hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp,

peýdasyz halka äkidip berýärler.

7 Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr.

Munuň üçin Men ony:

«Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.

8 Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz,

düýrlenen kagyza geçir.

Bu geljekki günler üçin

ebedi şaýat bolsun!

9 Bu pitneçi halk,

hilegär ogullar,

Rebbiň öwüdine

gulak goýmaýan ogullardyr.

10 Olar görgürlere: «Görmäň»,

pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň,

süýji sözler aýdyň bize,

hileli zatlary pygamberlik ediň.

11 Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň,

bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.

12 Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär:

«Bu sözi ret edip,

zulum hem hilegärlige bil baglap,

olara daýanýandygyňyz üçin,

13 bu etmiş belent diwarda peýda bolup

opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar;

diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.

14 Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir;

ol şeýle bir pytrar welin,

döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga,

guýudan suw almaga

ýarajak bölek tapylmaz».

15 Munuň üçin Hökmürowan Reb,

Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär:

«Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz;

güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar»,

ýöne siz islemeýärsiňiz.

16 Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz.

Şonuň üçin gaçarsyňyz!

Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz.

Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.

17 Bir kişiniň haýbatyndan

müň kişi gaçar,

bäş kişiniň haýbatyndan

siz gaçarsyňyz,

aman galanlaryňyz

dagyň depesindäki baýdak syrygy,

depedäki baýdak kimin bolarsyňyz.

18 Reb size merhemet etjek bolup garaşýar,

ýokarda size rehim etmäge häzir,

çünki Reb adalat Hudaýydyr;

Oňa intizarlar nähili bagtly!

19 Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky,

aglamarsyňyz indi siz!

Perýat edeniňizde,

size merhemet eder Ol,

ony eşideninde, size jogap berer.

20 Reb size azap çöregini,

külpet suwuny berse-de,

Mugallymyňyz indi gizlenmez,

gözüňiz bilen Ony görersiňiz.

21 Saga, sola öwrüleniňizde,

yzyňyzdan: «Ýol budur,

şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.

22 Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy,

altyna gaplanan heýkelleriňizi

haram saýarsyňyz;

olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz,

siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.

23 Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer,

ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar.

Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.

24 Ýer bejerýän öküzler bilen eşekler

kürek we ýabak bilen sowrulan

saýlama iým iýer.

25 Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda,

her beýik dagda, her belent baýyrda

akar suwly çeşmeler bolar.

26 Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap,

Öz ýetiren şikesine şypa beren güni,

Aýyň nury Günüň nury dek,

Günüň nury ýedi Günüň nury dek,

ýedi esse artyk bolar.

Reb Aşury jezalandyrýar

27 Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär,

lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol;

dodaklary gahardan doly,

dili ýalmaýan ot kimindir.

28 Onuň demi joşup,

kekirdege ýetýän çeşme kimindir,

milletleri heläkçilik eleginden geçirer,

halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.

29 Mukaddes baýram bellenýän

gijesindäki dek

aýdym aýdarsyňyz;

Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna

tüýdük çalyp çykýan dek,

ýüregiňiz şatlanar.

30 Reb haýbatly sesini eşitdirer,

lowlaýan gazap bilen,

ýalmaýan ot ýalny bilen,

bulutlaryň partlamasy bilen,

tupan hem doly bilen

golunyň gudratyny görkezer.

31 Rebbiň sesinden Aşur wehim eder,

Ol hasasy bilen Aşury urar.

32 Rebbiň olaryň üstünden inderýän

jeza hasasynyň her zarbasy

depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar;

Reb gazaply söweşler bilen

garşysyna çykar onuň.

33 Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy,

hawa, ol patyşa üçin taýynlandy;

ol ýer çuňňur hem giň edildi,

ol odun bilen dolduryldy.

Kükürt akymy kimin

ony ýandyrar Rebbiň demi.

©