Işaýa 27

27‑nji bap

Reb öz halkyny toplaýar

1 Şol gün Reb gazaply, haýbatly,

gudratly gylyç bilen

gaçýan, towlanýan ýylan

Liwýatany –

deňiz aždarhasyny jezalandyrar.

2 Şol gün

«Ajaýyp üzümçilik barada aýdym aýdyň.

3 Men – Reb onuň sakçysydyryn,

ony her pursat suwarýaryn,

hiç kim zyýan ýetirmesin diýip,

gije-gündiz goraýaryn.

4 Men gazaply däl,

çalylar, tikenler garşyma çyksa,

olar bilen söweşip,

baryny oda ýakaryn.

5 Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn,

Meniň bilen ýaraşyk etsin,

ýaraşyk etsin Meniň bilen.

6 Geljekde Ýakup kök urar,

Ysraýyl gunçalap güllär,

ýer ýüzüni miweden doldurar.

7 Reb ysraýyllary jezalandyranlaryň

jezalandyryşy kimin jezalandyrdymy?

ýa-da ysraýyllary öldürenleriň

öldürişi kimin öldürdimi?

8 Reb Ysraýyla höküm etdi,

kowup, sürgün etdi;

olary gazaply demi bilen kowup çykardy,

gündogardan öwüsýän ýel dek.

9 Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler,

günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar:

Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary

hek daşlary deý owradylanda,

ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.

10 Diwarly şäher terk edilýär,

çöl kimin terk edilen,

taşlanan ýurtdyr bu;

göleler ol ýerde otlap,

agaçlaryň şahalaryny iýýärler;

ol ýerde ýatýarlar.

11 Pudaklary gurap döwler,

aýallar gelip, olary ýakarlar.

Bu halk düşünmeýän halkdyr;

şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez,

Döredijisi olara merhemet görkezmez».

12 Şol gün Reb Ýewfrat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar. 13 Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.

©